"Hazar Balyk" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi, şol karara laýyklykda 2015-nji ýylyň sentýabryna çenli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş merkeziniň golaýyndaky deňiz kenarynda bekre balyklaryny emeli usul bilen köpeltmek, gara işbil çykarmak we Hazar deňzindäki balyklary hem-de beýleki balyk görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça Önümçilik toplumy döredildi.
"Hazar Balyk" AGPJ-niň Önümçilik toplumy Hazar deňziniň kenarynda goraghana zolagynyň ýanynda ýerleşýär. Onuň düzümine balyklary suwda ösdürip ýetişdirmek boýunça ferma we balyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhana girýär.
Önümçilik toplumynyň açylan pursatyndan bäri geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýa ösüşinde hil taýdan öňe gidişligi amala aşyrdy.